Geçen möwsümiň iň köp girdeji gazanan futbol klublary

“Deloitte” kompaniýasy 20 ýyldan bäri her möwsümiň iň köp pul gazanan futbol klublarynyň sanawyny mälim edip gelýär.Kompaniýa 2019/2020 möwsüminiň iň köp girdeji gazanan futbol klublarynyň sanawyny jar etdi. 12-nji ýeri Ispaniýanyň ezeli bäsdeşleri eýelediler.

Möwsümi kuboksyz tamamlandygyna garamazdan, “Barselona” ezeli bäsdeşinden sähelçe tapawut bilen 1-nji orna mynasyp boldy katalonlar geçen möwsümi 627,1 million funt sterlinglik girdeji bilen tamamladylar. 627 million funt sterling girdeji ýygnan “Real Madrid” 2-nji ýeri eýeledi.

Häzirlikçe geçen möwsümi 5 kubok bilen jemlän “Bawariýa” 556,1 million funt bilen 3-nji, 509 million funt toplan “Mançester Ýunaýted” 4-nji orna mynasyp boldy. 30 ýyldan soň “Premier ligada” çempionlyk gazanan “Liwerpul” 489,9 million funt sterlinglik gazanjy bilen ilkinji gezek öňdäki 5-lige adyny ýazdyrdy.

2019/2020 möwsüminiň iň köp girdeji gazanan futbol klublary:

Barselona 627,1 million funt

Real Madrid 627 million funt

Bawariýa 556,1 million funt

Mançester Ýunaýted 509 million funt

Liwerpul 489,9 million funt

Mançester Siti 481,6 million funt

Pari Sen-Žermen 474,1 million funt

Çelsi 411,9 million funt

Tottenham 390,9 million funt

Ýuwentus 349 million funt

Arsenal 340,3 million funt

Borussiýa Dortmund 320,7 million funt

Atletiko Madrid 291 million funt

Inter 255,6 million funt

Zenit 207,4 million funt

Şalke 195,5 million funt

Ewerton 185,9 million funt

Lion 158,5 million funt

Napoli 154,6 million funt

Aýntraht 152,6 million

The post Geçen möwsümiň iň köp girdeji gazanan futbol klublary appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
Ýaponiýanyň Katar 2022-däki gutarnykly düzümi mälim boldy
Baýer ýene-de ýeňdi, Azmun ýene-de gol urdy
“Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda Ýewropa futboly göni ýaýlymda görkezilýär
1-nji ýarymda “Maýns”, 2-nji ýarymda “Bawariýa”
Bir ýyldan soň ýeňiş gazandy, antirekorda bir oýun galypdy
Weteran hüjümçileriň täze toparlary