Weteran hüjümçileriň täze toparlary

Italiýanyň “Milan” topary horwatiýaly hüjümçi Mario Manžukiçi möwsümiň ahyryna çenli düzümine goşdy. Topar täze möwsümde Çempionlar ligasyna gatnaşsa 34 ýaşly oýunçynyň şertnamasy ýene bir ýyl uzaldylar. Manžukiç möwsümiň ahyryna çenli italýan klubundan 1,8 million ýewro hak alar. Manžukiç soňky sapar Kataryň “Al-Duhail” toparynda çykyş edipdi. Ol 9-njy belgili köýnekçäni geýer.

Huntelaar “Şalke” toparyna dolandy

Germaniýanyň “Bundesligasynda” ligada galmak üçin göreş alyp barýan “Şalke” topary-da weteran hüjümçini transfer etdi. Gelzenkirhen şäheriniň wekili ozalky futbolçysy Klaas Ýan-Huntelaary “Aýaksdan” möwsümiň ahyryna çenli kärendesine aldy. 37 ýaşyndaky hüjümçi 2010-2017-nji ýyllar aralygynda “Şalkede” oýnapdy. Ol “Şalkede” 240 oýunda 126 gol geçiripdi.

The post Weteran hüjümçileriň täze toparlary appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Baýer ýene-de ýeňdi, Azmun ýene-de gol urdy
Türkmenistanyň täze parlamenti 6-njy aprelde işe girişer, Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi geçiriler we beýleki habarlar
Sport syny: uik-endiň esasy futbol wakalary
Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
Günüň transfer täzelikleri
Dünýäniň iň uly 10 derbi duşuşygy