iPhone 14 Apple-iň iň gymmat smartfonlarynyň biri bolar

iPhone 14 Apple-iň iň gymmat smartfonlarynyň biri bolar

AppleInsider neşiri Wedbush Securities-iň analitigi Den Aýwzyň sözlerini getirýär - ol iPhone 14 Apple-iň iň gymmat smartfonlarynyň biri bolar diýip hasaplaýar. Ol täze çykan smartfonlaryň bahasynyň gymmatdygyny şaý toplumlarynyň gytlygy bilen şertlendirýär.

Den Aýwz iPhone-nyň önümçiligine gerek şaý toplumlarynyň bahasynyň üpjünçilik zynjyrynyň ählisinde ýokarlanandygyny aýdýar. Çykdajylar kompaniýanyň özüne öwezini dolardan juda gala, şonuň üçinem olary müşderileriň gerdenine ýüklemeli bolýar.Seljerijiniň sözlerine görä, iPhone 14-iň bahasy 100 dollar galar. Şeýlelikde, tapgyryň kiçi modeli - esasy iPhone 14 - bahasy 900 dollardan başlaýar.

iPhone 14 Max üçin (ýa-da iPhone 14 Plus) bolsa eýýäm 1000 dollar bermeli bolar, iPhone 14 Pro-nyň we iPhone 14 Pro Max-yň esasy wersiýalary üçin 1100 we 1200 dollar sorarlar. Şeýle-de, torda iPhone 14-iň hatarynda 2 TB fleş-ýatly model çykar diýen myş-myşlar peýda boldy.

Eger şeýle iPhone 14 Pro Max çykaýan ýagdaýynda-da, onuň bahasy 2000 dollar töwereginde bolsa gerek.Applelnsider-iň maglumatlaryna görä, Apple ýarymgeçirijileriň gytçylygy sebäpli öz önümleriniň bahasyny galdyrmaga mejbur bolýan ýeke-täk kompaniýa däl.

Edil şunuň ýaly sebäpler bilen bagly Samsung-yň maý aýynda öz çipleriniň bahasyny galdyrmaly bolandygy habar berilýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde iň köp satylýan smartfonlar belli boldy
Iň köp satylan smartfonlar mälim edildi
Taryhda iň köp satylan ykjam telefon belli boldy
2023-nji ýylyň garaşylýan smartfonlary
Belgiýanyň Challenge Airlines awiakompaniýasy Aşgabatda gonup geçmek bilen ýük gatnawlaryny amala aşyryp başlady, Türkmen mekdep okuwçylary TURKSOÝ bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldylar we beýleki habarlar
Aşgabatda döwlet bagşyçylyk bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda 3,5 müň maşgala üçin şäherçeler gurulýar, Apple iPhone 15 nesline degişli smartfonlaryny tanyşdyrdy we beýleki habarlar
"Apple” täze “iPhone 15” smartfonlary bilen tanyşdyrdy