Italiýa Ýewropanyň gaz merkezi bolmagy meýilleşdirýär

Italiýanyň hökümeti Ýewropa üçin esasy energiýa üpjünçilik merkezi bolmagy meýilleşdirýär. Ýurduň hökümeti bu baradaky meýilnamasyny oktýabr aýynda mälim eder. Meýilnamanyň çäklerinde Transadriatik geçirijisiniň (TAP) giňeldilmegi we Afrikadaky gaz öndürijiler bilen has ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmeginiň netijesinde Ýewropanyň beýleki ýurtlaryna has köp energiýanyň iberilmegi göz öňünde tutulýar.

Italiýanyň hökümet başlygynyň maslahatçysy Alfredo Mantowano ýurduň Günorta gaz geçelgesiniň (Azerbaýjandan başlap Türkiýe, Gresiýa, Albaniýa ýurtlarynyň üstünden geçip Italiýa çenli barýan gaz geçiriji) soňky şahasy bolan Transadriatik geçirijisiniň (TAP) Ýewropa gaz ibermekde ähmiýetli boljakdygyny belledi. TAP-yň ýyllyk kuwwaty 10 milliard kub metre ýetýär. 2027-nji ýylyň ahyryna çenli bu görkezijiniň iki esse artdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Mantowano şu ýylyň ýanwar aýynda Alžir bilen Liwiýanyň arasynda gol çekilen ylalaşyklaryň hem gaz üpjünçiligini has-da artdyrmaga ýardam etjekdigini belledi. Mundan ozal, aprel aýynda ýurduň hökümet başlygy Jorja Meloni şeýle maksatnama barada oktýabr aýynda mälim ediljekdigini aýdypdy.

Ýewropa Komissiýasy hem mundan öň TAP-y öz içine alýan Günorta gaz geçelgesiniň infrastrukturasynyň sebitiň energiýa çeşmeleriniň diwersifikasiýa edilmegine goldaw bermek üçin Günorta Ýewropada Orta ýer deňzi gaz üpjünçilik merkeziniň gurulmagyna zerurlyk duýulýandygyny belläpdi.

Häzirki wagtda Alžir Italiýanyň iň uly gaz üpjünçisi hasaplanýar. Azerbaýjan bolsa TAP arkaly ýurdy iň köp gaz iberýän ikinji ýurt hasaplanýar.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe bilen Albaniýanyň Diplomatik Gatnaşyklaryna 100 Ýyl Doldy
2024-nji ýylda syýahat edilmeli iň gowy ýerler
Albaniýanyň ýygyndysy EURO 2024-e adyny ýazdyrdy
EURO 2024-iň bijeleri 2-nji dekabrda çekiler
Euro 2024-iň bijeleri çekildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny