Lawrow Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň DIM-niň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşar

Lawrow Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň DIM-niň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşar

Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 28-nji iýunda Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşar. Maslahat 29-njy iýunda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän VI Hazar sammitine taýýarlyk meselelerine bagyşlanar. Bu barada çarşenbe güni RF-niň DIM-niň resmi wekili Mariýa Zaharowa brifingiň barşynda beýan etdi.

Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň şu formatdaky öňki duşuşygy Aktau şäherinde geçirildi. Belläp geçsek, 2018-nji ýylyň 11-nji awgustynda Gazagystanda geçen V Hazar sammitinde taryhy resminama — Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa gol çekildi. Aşgabatda geçiriljek duşuşykda bolsa, Hazar deňzinde hyzmatdaşlyga syn bermek we Prezidentleriň duşuşygyna taýýarlygyň çäklerinde özara hereketleri maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň daşary işler ministri Hytaýda saparda bolýar
Lawrow Antalýa Diplomatiýa Forumyna Gatnaşar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Zaharowanyň Uçary Bolgariýanyň Howa Giňişligine Kabul Edilmedi
R.Meredow Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşar
Türkmen wekiliýeti Kazanda geçiriljek Owganystan boýunça Moskwa formatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşar
Zaharowa: "ABŞ-nyň Ýakyn Gündogarda barlygy durnuklylyk getirmez" diýdi