Lionel Messiniň “Altynjy topy”

Ýylyň iň ökde futbolçysyna berilýän “Altyn top” (Ballon d’Or) baýragyna “Barselonanyň” argentinaly super ýyldyzy Lionel Messi laýyk görüldi. Şunlukda, “France Football” žurnaly tarapyndan gowşurylýan “Ballon d’Or” baýragyny Lionel Messi 6-njy gezek eýeläp, ol bu ugurda rekordy öz adyna geçirdi. 32 ýaşly futbolçy mundan ozal, 2009-njy, 2010-njy, 2011-nji, 2012-nji hem-de 2015-nji ýyllarda “Altyn top” baýragyna mynasyp bolupdy. 686 utuk toplan Lionel Messi “Altyn top” baýragy ugrunda Wirgil Wan Deýk (679 utuk), Kristiano Ronaldo (476), Sadio Mane (347) hem-de Muhammed Salah (178) ýaly ýyldyzlary yzda galdyrdy.

Messi sentýabr aýynda FIFA tarapyndan hem ýylyň iň ökde oýunçysy saýlanypdy.Parižde geçirilen dabarada ýylyň iň ökde zenan futbolçysyna berilýän “Ballon d’Or Feminin” baýragyna amerikaly Megan Rapinou laýyk görüldi.

Ol milli ýygyndysynyň Dünýä Kubogyny gazanmagyna uly goşant goşupdy. 21 ýaşdan kiçi bolan futbolçylaryň arasyndan iň ökdesi diýlip “Ýuwentusyň” gollandiýaly goragçysy Mattiýs de Light “Kopa Trophy” baýragy bilen sylaglandy. Şu ýyl ilkinji gezek gowşurylan “Yashin Trophy” baýragy “Liwerpulyň” braziliýaly derwezeçisi Alison Bekere berildi.

Ýene degişli makalalar

http://zamanturkmenistan.com/?p=26471
“Altyn top” baýragynyň dalaşgärleri
UEFA Altyn top bilen hyzmatdaşlyk eder we 2 täze baýrak goşular
Modriç “Altyn topa”-da mynasyp boldy
“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
“Altyn topuň” eýesi…