“Liwerpulda” şikesli futbolçylaryň sany artýar

“Liwerpulda” şikesli futbolçylaryň sany artýar

Angliýanyň çempiony “Liwerpul” topary şikesli oýunçylaryndan ejir çekip başlady. Üstesine toparyň ýyldyzy Mohamed Salahyň “kowid 19” pandemiýasyna uçramagy-da tälimçi Ýurgen Kloppy hasam çykgynsyz ýagdaýa eltýär.Mundan 1 aý töweregi öň toparyň esasy merkezi goragçysy Wirgil Wan Deýkiň şikes alyp, möwsümiň soňuna çenli diýen ýaly oýnap bilmejekdigi habar berlipdi.

Ondan soň, soňky wagtlarda goragçy hökmünde oýnadylýan braziliýaly Fabionionyň hem şikes almagy, golaýda sag gyraky goragçy Tren Aleksander-Arnoldyň, şol sanda Tiago Alkantaranyň we köp wagtdan bäri şikesli bolan Aleks Oksleýd-Çemberleýniň, ýakyn günlerde, has takygy, hepdäniň başynda sagda-da, merkezde-de oýnap bilen goragçysy Jou Gomeziň hem goşulmagy Kloppy has-da çykgynsyz ýagdaýa salsa gerek.

Jou Gomeziň golaýda dyzyndan operasiýa bolmagy we möwsümiň agramly böleginde toparyna kömeginiň degmeýändigi habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Sport syny: APL-da şenbe şüweleňi
“Liwerpul” 10-njy gezek finalda çykyş eder
Iki oýunda 9-0 we 129 ýylyň iň ýaramaz netijesi
Liwerpul UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna ýakynlaşdy
UEFA-nyň Çempionlar ligasynda ilkinji çärýek finalçylar belli boldy
Angliýanyň futbol ligasynyň Kubogynyň final duşuşygy Türkmenistan: Sport teleýaýlymynda görkeziler
Liwerpul 2:0 hasabynda Interden üstün çykdy