UEFA-nyň Çempionlar ligasynda ilkinji çärýek finalçylar belli boldy

UEFA-nyň Çempionlar ligasynda ilkinji çärýek finalçylar belli boldy

Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda geçirilen jogap duşuşyklaryndan soň çärýek finalyň ilkinji wekilleri belli boldy. Liwerpul bilen Bawariýa göreşi ¼ finalda dowam etdirmäge hukuk gazanan ilkinji toparlar boldy diýip, Uefa.com ýazýar.

8-nji martdan 9-njy marta geçilýän gijede Liwerpul Milan şäheriniň Interini Enfild stadionynda kabul etdi. Duşuşyk myhman toparyň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeke-täk pökgini Lautaro Martines geçirdi.

Italiýada bolan ilkinji duşşuykda Liwerpul 2:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Şeýlelikde, Ýurgen Kloppyň şägirtleri iki duşuşygyň netijesinde Interden üstün çykyp, ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazandylar.

Alýans-Arenada geçirilen ugurdaş duşuşykda Awstriýanyň Zalsburgy Mýunheniň Bawariýasynyň myhmany boldy. Duşuşyk nemes toparynyň 7:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Topalar ilkinji duşuşykda 1:1 hasabynda deňme-deň oýnapdylar.

Ikinji duşuşykda Lewandowski het-trigi, Mýuller bolsa dubly amala aşyrdy. Beýleki gollary Gnabri bilen Sane geçirdi. Myhmanlar gollaryň tupanyna diňe Kýergoryň tapawutlanmagynda bir gezek jogap berip bildiler.

10-njy martda Mançester Siti bilen Sportingiň we PSŽ bilen Realyň arasynda hem jogap duşuşyklary geçiriler.

Ýene degişli makalalar

"Asyryň oýunçysy", "asyryň tälimçisi", "asyryň agenti", "asyryň kluby" yglan edildi
IFFHS: Simeone — onýyllygyň iň gowy tälimçisi
"Liwerpul" öz meýdançasynda 68 oýundan soň ilkinji gezek ýeňildi
Gurban Berdiýew dünýäniň iň gowy tälimçileriniň sanawynda 27-nji ýerde
2021-nji ýyla geçip, ne ýeňiş, ne-de gol
Çempionlar ligasynyň taryhynda ilkinji gezek