Mançester Siti bilen Real Çempionlar ligasynyň ikinji finalçysyny kesgitlär

Mançester Siti bilen Real Çempionlar ligasynyň ikinji finalçysyny kesgitlär

Şu gün Mançester şäherindäki Siti of Mançester stadionynda UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyndaky Mançester Siti ― Real duşuşygy geçiriler. Russiýanyň Matç TW teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda alnyp görkeziljek duşuşyk gije sagat 23:55-de başlanar.

Iki toparyň arasyndaky ilkinji duşuşyk 9-njy maý güni Madrid şäherinde geçirilipdi we 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanypdy. Duşuşykda ýer eýeleriniň goluny Winisius Junior, myhmanlaryňkyny bolsa Kewin de Brýuýne geçirdi.

Ýaryma finala Mançester Siti nemesleriň Leýpsigi bilen Bawariýasyny ýeňip geldi. Real bolsa ýarym final ýolunda iňlisleriň Liwerpuly bilen Çelsisini ýaryşdan çykardy.

Mançester Siti ― Real duşuşygynyň ýeňijisi ýaryşyň finalynda Italiýanyň Interiniň garşşydaşy bolar. Final duşuşygy 10-njy iýun güni Stambul şäherinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
Çempionlar Ligasynda myhmançylykdaky toparlar hezil etdi
… we “Altyn top” baýragynyň eýesi Karim Benzema
“Real Madrid” hem utuk, hem-de birinjiligi ýitirdi
“Real Madridiň” UEFA-daky 5-nji Super Kubogy