Match TV Ýewropa ligasynyň 1/16 finalynyň duşuşyklaryny göni ýaýlymda görkezer.

Match TV Ýewropa ligasynyň 1/16 finalynyň duşuşyklaryny göni ýaýlymda görkezer.

Şu gün Ispaniýadan, Horwatiýadan, Italiýadan, Gresiýadan, Germaniýadan, Portugaliýadan, Moldowadan, Şotlandiýadan we Russiýadan 16 toparyň gatnaşmagynda Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyrynyň ilkinji duşuşyklary geçiriler.

Duşuşyklar Aşgabat wagty bilen sagat 22:45-de we 01:00-da bolar. Ähli oýunlar Match TV, Match! Futbol 1, Match! Futbol 2, Match! Futbol 3 we Match! Premýer rus teleýaýlymlarynda ýaýlyma berler.

Futbol janköýerleriniň ünsi bu tapgyryň esasy oýunlarynyň biri bolan Barselona bilen Napoliniň arasyndaky duşuşyga gönüger, ol Match! Futbol 1 teleýaýlymynda 22:45-de ýaýlyma berler.

Ýeri gelende ýatlatsak, katalon kluby Çempionlar ligasynyň E toparçasynda Bawariýa we Benfika ýaly toparlardan yza galyp, 3-nji orny eýeledi we şol ýerden Ýewropa Ligasynyň pleý-off tapgyryna düşdi. Napoli bolsa C toparçada Spartak, Lester we Legia toparlary bilen bilelikde çykyş edip, 2-nji orny eýelemegi başardy.

Match TV 22:45. Zenit (Russiýa) Betis (Ispaniýa) 01:00. Portu (Portugaliýa) Lasio (Italiýa)

Match! Futbol 1 22:45. Barselona (Ispaniýa) Napoli (Italiýa) 01:00. Atalanta (Italiýa) Olimpiakos (Gresiýa)

Match! Futbol 2 22:45. Şerif (Moldowa) Braga (Portugaliýa) 01:00. Sewilýa (Ispaniýa) Dinamo Zagreb (Horwatiýa)

Match! Futbol 3 22:45. Borussiýa Dortmund (Germaniýa) Reýnjers (Şotlandiýa) 01:00. RB Leýpsig (Germaniýa) Real Sosýedad (Ispaniýa)

Ýene degişli makalalar

Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Fransuz kluby üçin garaşylmadyk netije
Çempionlar Ligasynda 3-nji saýlama tapgyryň bijeleri çekildi
Öňünden çykany ýeňýär
16 duşuşyk 48 gol
Çempionlar Ligasynda myhmançylykdaky toparlar hezil etdi
Aşgabatda Gagariniň ýadygärliginde gül goýmak dabarasy geçirildi, Lebapsuwhojhalyk birleşiginiň tehniki parky Ýaponiýanyň Komatsu kompaniýasynyň täze ulaglary bilen üpjün edildi we beýleki habarlar