Möwlana Aradan Çykan Gününiň 748-nji Ýylynda Hatyralanýar

Möwlana Aradan Çykan Gününiň 748-nji Ýylynda Hatyralanýar

Pähimleri bilen dünýäniň çar tarapyndan ýakyndan tanalýan pikirzada, mutasawwyf Möwlana Jelaleddin Rumi aradan çykan gününiň 748-nji ýylynda uly hormat bilen hatyralanýar.

Möwlananyň aradan çykan gününiň 748-nji ýylyna bagyşlanan halkara hatyralama çäreleriniň ilkinjisi Möwlana Medeniýet merkezinde geçirildi.

Konýanyň häkimi Wahdettin Özkan, Şebi Arus çäreleriniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda, ynsan söýgüsi bilen ýakyndan tanalýan pikirzada Hezreti Möwlanany dünýeden öten gününiň 748-nji ýylynda uly hormat bilen hatyralaýandyklaryny aýtdy.

Hatyralma çäreleriniň çäginde Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Konýa türk dini aýdym-saz topary Sema çykyşyny ýerine ýetirdi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Möwlanany Aradan Çykan Gününiň 750-nji Ýylynda Hatyralap Geçdi
Anadolyda ýetişen parasatly alym Möwlana Jelaleddin Rumy
Ýunus Emre we onuň edebi dünýämizde tutýan orny
Diwan edebiýatynyň soňky tanymal şahyry kabul edilýän Şeýh Galip
Halkymyzyň döredijilik kuwwaty ata Watanymyzyň...
Spor Toto Super Liganyň 7-nji hepdesi tamamlandy
Türkiýede ýerasty şäheriň üsti açyldy