Mourinýonyň Roma bilen hoşlaşmagy ahmal

Mourinýonyň Roma bilen hoşlaşmagy ahmal

Romanyň baş tälimçisi Žoze Mourinýonyň şu möwsümiň ahyrynda wezipesinden gitmegi ahmal.

Sky Italia neşiriniň ýazmagyna görä, ol klubyň ýolbaşçylarynyň alyp barýan syýasatyndan nägile.

Mourinýonyň Roma 2021-nji ýylyň tomsundan bäri tälim berip gelýändigini ýatladýarys. Ol bu topardaky ilkinji möwsüminde Ýewropanyň Konferensiýalar ligasynyň taryhyndaky ilkinji çempion boldy. Şeýlelikde, Roma 2008-nji ýyldan bäri ilkinji kubogyny portugaliýaly tälimçisi bilen gazandy.

Häzir Roma ýaryş tertibinde ýedinji orny eýeleýär. Dünýä çempionatyndan soň topar dört duşuşygyň üçüsinde ýeňiş gazandy.

Ýene degişli makalalar

Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
Serdar Azmun Baýerden Roma geçdi
Täjigistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna çagyrdy, Moskwada Dutaryň sesi festiwalyna bagyşlanan konsert geçiriler we beýleki habarlar
Azmun “Serie A”-daky ilkinji goluny geçirdi
“West Ham” ýeňlişsiz ýeňiji
Mourinýo garaşýan klubyndan çakylyk gelse, Roma bilen hoşlaşmaga taýýar