Ömrüň dowamlylygy artýar

Hytaýyň ilatynyň ömrüniň ortaça dowamlylygy 77,93 ýyla çenli artdy diýip, Hytaý Halk Respublikasynyň Saglygy goraýyş boýunça döwlet komitetiniň wekilleri habar berdi.Deňeşdirmek üçin, 2016-njy ýylda Hytaýda Sagdyn Hytaý 2030 milli maksatnamasy işe girizilende, bu görkezijiniň 76,5 ýyla deň bolandygy habar berilýär.Şeýlelik bilen, Hytaý esasy saglyk görkezijileri boýunça orta we ýokary girdejili ýurtlaryň arasynda öňde barýar.

Saglygy goraýyş boýunça döwlet komitetiniň ýokary derejeli wekili, Sagdyn Hytaý 2030 maksatnamasyny ilerletmek boýunça edaranyň başlygynyň orunbasary Mao Sýunan metbugat ýygnagynda meýilnamada göz öňünde tutulan maksatlara ýetilendigini aýtdy.Mao Sýunan, Sagdyn Hytaý 2030 maksatnamasyny durmuşa geçirmekde ýurduň gazanan üstünlikleri barada durup geçip, ýurtda ilatyň saglygyny ýokarlandyrmak üçin syýasy ulgamyň döredilendigini, adamlaryň saglygyna zeper ýetirip biljek töwekgelçilikli ýagdaýlara gözegçilik edilýändigini we saglygy goraýyş ulgamynyň çäginde adamlara lukmançylyk hyzmatlaryny bermegiň hem ep-esli ýokarlanandygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisi Aşgabatda geçiriler
Hytaýyň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Aşgabatda saparda bolar
Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşar
“Forsaž 9” filmi Hytaýda birinji gününde 59,3 million dollar gazandy
Türkiýe, Hindistanda Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy
Ysraýyl palestinaly 5 çagany göz tussaglygyna alanyndan birnäçe wagt soň azat etdi
Kanadada derýa ýuridik şahs hukugy berildi