Prezident Aşgabatdaky täze şäherçäniň ilatyny iş bilen üpjün etmegi tabşyrdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatdaky täze şäherçäniň ilatyny iş bilen üpjün etmegi tabşyrdy. Täze ilatly ýerleri gurmak meselesi Ministrler kabinetiniň 17-nji maýdaky mejlisinde maslahatlaşyldy.

TDH-nyň habar bermegine görä, döwlet baştutany “geljekde guruljak ilatly ýerlerde adamlaryň zähmet bilen meşgullanmagy, zerur kärhanalaryň we hünärleriň sanawyny düzmek barada oýlanmagy” tabşyrdy.

Ýatladýarys, täze şäherçe ozalky Çoganly etrabynyň ornunda, häkimiýetleriň birnäçe ýyllap adamlaryň jaýlaryny ýykan ýerinde gurlar.

Türkmenistanda işsizlik ýiti mesele bolmagynda galýar. “Türkmenistanyň Hronikasynyň” maglumatlaryna görä, onuň paýtagtdaky derejesi 50%, tutuş ýurt boýunça bolsa, “Azatlyk” radiosynyň maglumatyna görä, işsizligiň derejesi 60 prosente baryp ýetýär.

Zähmet biržalary gazançsyz galan adamlary hasaba almaýar.

Wise-premýer Goçmyrat Myradow şu ýylyň 29-njy martynda Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligini resmi saýtynda “Işe ýerleşdirmek” bölüminiň döredilendigini habar berdi.prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda ýurtda täze kärhanalary we iş orunlaryny döretmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti täze ýolbaşçylary wezipä belledi
Aşgabatdaky zähmet biržasy işsizleri hasaba almaýar
Berdimuhamedow täze kärhanalary we iş orunlaryny döretmegi tabşyrdy
Syýahat komitetiniň başlygyna “Türkmensyýahatyň” maliýe hasabatyndan soň käýinç berildi
Türkmenistanyň prezidenti “sanly ykdysadyýete” geçiş depgininiň haýallygyny tankytlady
Berdimuhamedow “Türkmenstandartlarynyň” başlygyna eýesiz galýan desgalar üçin käýinç berdi