PSŽ Mbappä ýylda 100 mln ýewro zähmet haky bilen şertnama teklip etdi

PSŽ Mbappä ýylda 100 mln ýewro zähmet haky bilen şertnama teklip etdi

Fransiýanyň “PSŽ” futbol kluby hüjümçi Kilian Mbappä taryhda rekord derejeli zähmet hakyny teklip etdi. Bu barada “Independent” gazeti habar berýär diýip, RIA Nowosti belleýär.

Bellenilişi ýaly, parižliler 23 ýaşly oýunça ýylda 100 mln ýewro tölemäge taýýar, bu dünýäde futbolist üçin iň ýokary pul mukdary bolup durýar. Öň HBS 2018-nji ýylyň dünýä çempionynyň geljegini Madridiň “Realy” bilen baglady.

Transfermarkt portalynyň hasabyna görä, oýunçynyň transfer bahasy 160 mln ýewro barabar, onuň parižliler bilen şertnamasy bolsa 2022-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanýar.Häzirki möwsümde Mbappe dürli ýaryşlarda 34 oýna gatnaşdy, 24 gol girizip, 17 netijeli geçirim etdi.

Ýene degişli makalalar

17-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
9-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ronaldu 2023-nji ýylda dünýäniň iň köp pul gazanan sportçusy boldy
Marca: Mbappe Real bilen 5 ýyllyň şertnama gol çekişdi
20-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
6-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
ÝÇL-iň ilkinji çärýek finalçylary belli boldy