Ronaldonyň taryhy goly

Şu hepdede oýnalan UEFA Çempionlar ligasynda çärýek finalyň 1-nji oýunlaryndan soň, ýarym finala çykjak toparlar azda-kände belli boldy diýseňem bolar.Tapgyryň iň köp üns merkezindäki oýny geçen ýylyň finalçylarynyň “Ýuwentus” bilen “Realyň” arasynda bolup geçdi.

Mundan 10 aý ozal hem finalda gabatlaşan iki läheňiň özara 20-nji duşuşygy ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy.Eýýäm 3-nji minutda super ýyldyz Ronaldo oýnuň ykbalyny üýtgetdi.

Marselonyň çep gyradan beren pasyna goragçylardan öňürti aýagyny goýup ýetişen Ronaldo Çempionlar ligasynda bassyr 10 (şu möwsümde 9-njy) duşuşygynda-da tapawutlanyp, bu ugurda rekordy öz adyna geçirdi.Bu Ronaldonyň şu bäsleşikde geçiren iň çalt goly diýlip hasaba alyndy (2 minut 47 sekunt). 1-nji ýarym 10 hasabynda ispanlaryň peýdasyna tamamlandy. 2-nji ýarymda, has takygy, 64-nji minutda bütin dünýäni aňk eden waka boldy.

Karwalýonyň sag gapdaldan beren pökgüsini 2,27 metr beýiklige böküp, üstaşyr uran Ronaldonyň bu owadan goluna ussat derwezeçi Janluiji Buffona diňe seredäýmek galdy.Oýundan soň, “Karýeramdaky iň owadan golum” diýip, beýanat beren Ronaldo “Ýuwentusyň” garşysyna geçiren 6-njy oýnunda 9-njy ýola tapawutlandy. Şu möwsümdäki 14-nji (ýene-de 4 gol geçirse, öz rekordyny täzeleýär), umumylykda-da 119-njy Çempionlar ligasy goluny geçiren Ronaldo çärýek finallardaky 22-nji pökgüsini derwezä girizdi.

Bu ugurda oňa iň golay Raul Gonzales bilen Lionel Messi bolup, hersi 10 pökgi geçirdi. 66-njy minutda 2-nji sary kartoçkasyny alan Paulo Dibala meýdançadan çykaryldy. 2 topy sütüne degen “Real Madrid” ýene bir pökgini derwezä urup, jogap duşuşygy üçin has hem arkaýynlaşdy.

Ol goly 72-nji minutda Ronaldonyň pasyndan soň, çep gyraky goragçy Marselo tora ýollady. Şunlukda, “Real” topary jogap oýny üçin Madride “syýahaytçylyk maksatly” gelmäge mejbur eden garşydaşy “Ýuwentusy” 10-njy gezek ýeňmegi başardy.

Ronaldo Çempionlar ligasyndaky 95-nji duşuşygynda ýeňiş gazanyp, ozalky topardaşy Iker Kasilýasyň rekordyna şärik boldy. “Ýuwentus” bolsa, täze stadionynda Ýewrokuboklarda 2-nji gezek ýeňildi. 28 oýundan soň utulan turinliler soňky gezek 2013-nji ýylyň aprelinde “Bawariýadan” asgyn gelipdiler (20).* * *60 ýyldan soň, bu ýaryşda çärýek finala çykan “Sewilýa” güýçli garşydaşy “Bawariýadan” 21 hasabynda ýeňildi.

Duşuşygyň 31-nji minutynda Pablo Sarabia ýer eýelerini öňe çykardy. 6 minutdan soň, başga bir “sewilýaly” oýunçy Hesus Nawas “bawariýaly” Frank Riberiniň topuny gaýtarjak bolanda, öz derwezeçisini ýalňyşdyrdy we netijede hasap deňlendi.

Ortatap ýagdaýda geçen 2-nji ýarymda, has takygy, 68-nji minutda Tiago Alkantaranyň kellesi bilen uran urgusy “sewilýaly” goragçylaryň birine degip tora girdi. Ýöne UEFA bu goly Tiagonyň adyna hasaba aldy.

“BARSELONANYŇ” PEÝDASYNA BÄŞINJI AWTOGOL“Barselona” bilen “Romanyň” arasyndaky duşuşykda hasap 38-nji minutda açyldy.Ol “Romanyň” kapitany Daniele De Rossi ýalňyşlyk bilen öz derwezesinden girizdi. 2-nji ýarymda-da “romalylar” öz torlaryndan ýene bir gol geçirdi. Ýagny 55-nji minutda Manolas hasaby 20-a ýetirdi. 4 minutdan soň, Luis Suaresiň pasy bilen bu bäsleşigiň golçy goragçylaryndan Jerard Pike tapawutlandy (30). 80-nji minutda Edin Jeko italýanlary jogap oýny üçin az-owlak umytlandyrsa-da, duşuşygyň tamamlanmagyna 3 minut galanda, Luis Suares oýna soňky nokady goýdy.

Bu urugwaýly hüjümçiniň şu möwsümde Çempionlar ligasyndaky ilkinji goludyr. Şeýlelikde, “Barselona” topary “Romany” 41 hasabynda utmagy başardy.Katalonlara şu möwsüm Çempionlar ligasynda garşydaş toparlaryndan 5 oýunçynyň uly ýardamy degdi.

Başgaça aýdylanda, duşuşygyň ilkinji 2 pökgüsi şu möwsümde “Barselonanyň” peýdasyna hasaba alnan 5-nji awtogol boldy (bu görkeziji rekorda deňdir).

SALAH WE ÝOLDAŞLARYNYŇ YNAMLY ÝEŇŞIIkinji tapgyrda 5 topar bilen çykyş eden iňlisleriň galan 2 klubunyň-da çärýek finalda bije çekişmegi aýratyn bellänmäge mynasypdyr.Duşuşykdan öň, köpler çempionatda şu gün çempionlygyny yglan etmegine garaşylýan “Mançester Sitiniň” bu ýaryşyň tejribeli toparlaryndan “Liwerpuly” geçer diýenleriň sany artykrakdy. Ýöne “Anfild Roaddaky” oýun beýle bolmady. Ýurgen Klopp bu saparam bäsdeşi Pep Guardioladan üstün çykdy.

Duşuşygyň ýarym sagady tamamlananda, tomaşaçylar skorbordda 30 diýen ýazgyny gördüler. 12-nji minutda Mohamed Salah, 21-nji minutda uzakdan owadan urgy bilen Aleks Oksleýd-Çemberleýn 31-nji minutda-da Salahyň pasyndan soň, Sadio Mane tapawutlandy.

Ikinji ýarymda “Siti” şol gollaryň iň bolmanda biriniň öwezini dolup, jogap oýny üçin amatly hasap bilen dolanjak bolsa-da, bu olara başartmady.Netijede, “Liwerpulyň” derwezesine ýeke dürs urgy geçirip bilmedik “Mançester Siti” 30 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. 31 gol geçiren “Liwerpul” bu babatda möwsümiň iň öňdebaryjy toparydyr. ÇL-de şu möwsümde 6 oýunda toruna gol goýbermedik “Liwerpul” öz meýdançasynda-da Ýewrokuboklarda 15 duşuşykdan bäri ýeňlenok. 2-nji goluň pasyny beren Jeýms Milner şu möwsümde 8-nji asistini edip, Runidir Neýmaryň rekordyna şärik boldy. Çempionatda öz meýdançasynda “Liwerpuly” 50 hasabynda utan “Mançester Siti” şu ýylky 49 oýnunyň 4-sinde gol geçirip bilmedi. 1982-nji ýyldan bäri geçirilen 32 duşuşykda “Liwerpuly” “Anfild Roadda” diňe 1 gezek ýeňmegi başaran “Sitiniň” Mançesterde nähili oýun görkezjekdigi eýýämden köpleri içgin gyzyklandyrýar.Jogap duşuşyklary 1011-nji aprelde oýnalar. Ýarym finalyň bijeleri-de 13-nji aprelde çekiler.

ÝER EÝELERINIŇ ÜSTÜNLIGIUEFA Ýewropa ligasynda çärýek finalyň birinji oýunlarynda ýer eýeleri ýeňiş gazandy.Kubogyň esasy dalaşgäri “Arsenal” Moskwanyň SSKA-syny 41 hasabynda utdy (Remzi 9, 28, Lakazett 23 p, 35 — Golowin 15).

Duşuşykdaky 5 pökgi-de 1-nji ýarymda geçirildi.Beýleki bir dalaşgär “Atletiko” topary-da Madridde “Sportingden” Koke (1) we Grizmannyň (40) gollary esasynda 20 hasabynda ýeňiş gazandy. “Leipsig” bilen “Marseliň” arasyndaky oýunda-da 1 pökgi ýeňijini kesgitläp, ony 45+1-nji minutda ýer eýeleriniň ezber hüjümçisi Timo Werner derwezä girizdi. 6 goluň geçirilen duşuşygynda-da Italiýanyň “Lasiosy” Awstriýanyň “Red Bull Salsburg” toparyndan 42 (Luliç 8, Parolo 49, Felipe Anderson 74, Immobile 76 — W.

Berişa 30 p, Minamino 71) hasabynda üstün çykdy.Jogap oýunlary 12-nji aprelde oýnalar.

Ýene degişli makalalar

16 ýyldan soň gazanylan 8-nji kubok
120-nji möwsüme badalga berler
“Liwerpul” ýaponiýaly ýarymgoragçyny transfer etdi
IFFHS: Simeone — onýyllygyň iň gowy tälimçisi
"Asyryň oýunçysy", "asyryň tälimçisi", "asyryň agenti", "asyryň kluby" yglan edildi
100-nji Super Kubogyň eýesi “Liwerpul”