Şomurodowyň goly ýeňşe ýeterlik bolmady

Şomurodowyň goly ýeňşe ýeterlik bolmady

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da 9-njy tapgyryň jemleýji oýnunda “Jenoa” bilen “Parma” duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda myhmanlar 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýeňiş gazanan toparyň 2 goluny hem 10-njy we 47-nji minutlarda Žerwinio derwezä girizdi.

Oýnuň 50-nji minutynda tapawutlanan özbegistanly Eldor Şomurodowyň goly ýer eýelerine ýeňiş üçin ýeterlik bolmady.Bu onuň italýan klubundaky ilkinji goly boldy.Kubok ýaryşyndaky oýunda-da asist eden Şomurodowy “Jenoa” topary sentýabr aýynda “Rostowdan” 7,5 million ýewro transfer edipdi. Şomurodow “Jenoanyň” düzüminde 4 duşuşyk geçirdi.

Ýene degişli makalalar

“Milan” 15 ýyldan soň çärýek finala çykyp bilmedi
Ýuwentus yzly-yzyna 10-njy, Bawariýa 9-njy çempionlygyna ymtylýar
Transfer täzelikleri
“Fiorentina” ozalky tälimçisini wezipä belledi
Mançester hem-de Madrid derbileri we hepdäniň beýleki esasy duşuşyklary
“Milan” ýeňlişsiz barýar, ýöne…