Türkmenistan Türkiýede resmi taýdan tassyklanylan türk diplomlaryny ykrar edip başlar

Türkmenistan Türkiýede resmi taýdan tassyklanylan türk diplomlaryny ykrar edip başlar

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkiýäniň ýokary okuw jaýlaryny tamamlan türkmen raýatlarynyň hünär bilimi hakyndaky resminamalarynyň ýurtda ykrar edilmegi üçin, ilki berlen resminamalarynyň Türkiýäniň degişli döwlet edaralarynda kanunlaşdyrylan bolmalydygyny mälim etdi.

Habarda bellenilişi ýaly, hünär bilimi hakyndaky resminamalar Türkiýäniň Milli bilim ministrliginiň Ýokary okuw we daşary ýurtlar boýunça bilim müdirliginiň Ýokary okuw bölüminde hem-de Türkiýäniň Daşary işler ministrliginde tassykladylan bolmaly.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň mart aýynda Ýewropa sebitinde alnan ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Buýruga gol çekdi.

Bu resminama Türkmenistanyň orta we ýokary hünär bilimli işgärler bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakynda resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegi kämilleşdirmek hem-de Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Lissabon Konwensiýasyndan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

“Mançester Sitini” 4-1 ýeňen “Sporting” topary “Arsenaldan” 5-1 utuldy
30-njy çempionlyk
ÝUNESKO boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň işi bilen bagly täze teklipler hödürlenildi
Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryny doglan güni bilen gutlady
Aşgabady ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek meýilleşdirilýär
Dynç almak üçin iň arzan şäherler
Liwerpul UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna ýakynlaşdy