Türkmenistanda 24-nji iýunda Naýbaşy futzal ligasyna badalga berler

Türkmenistanda 24-nji iýunda Naýbaşy futzal ligasyna badalga berler

24-nji iýunda Türkmenistanda Naýbaşy futzal ligasyna badalga berler. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi web-saýtynda habar berilýär. Ýaryş Aşgabatda geçiriljek oýunlar bilen başlar.

Ýaryşyň ýeňijisi diýen at üçin sekiz topar bäsleşer. Aşgabatdan Köpetdag, Gümrükçi, Senagatbank, Milli goşun, Ahal welaýatyndan Ahal, Daşoguz welaýatyndan Daşoguz şeýle-de Balkan welaýatyndan Deňizçi Türkmenbaşy şäherinden TNGIZT ýaly toparlar gatnaşar.

Naýbaşy futzal ligasy ugrundaky ýaryşlar dört aýlawda geçiriler (28 tapgyr, 12 duşuşyk) we 2022-nji ýylyň dekabr aýynda tamamlanar.

Ýaryşlar Aşgabat, Türkmenbaşy, Daşoguz we Mary şäherlerinde geçiriler.

Toparlaryň arasynda geçiriljek duşuşyklar bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz!

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň häzirki ýeňijisi Balkan welaýatyndan Deňizçi futzal toparydyr.

Naýbaşy futzal ligasyna gatnaşýan toparlar

Ýene degişli makalalar

Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: 3-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Futzal, Naýbaşy liga: Köpetdag ýene ikinji orna düşdi
Futzal, Naýbaşy liga: Deňizçi bassyr ikinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Daşoguzdaky duşuşyklar tamamlandy
Awazada futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň 12-nji tapgyrynyň oýunlary geçirildi
Futzal, Naýbaşy liga: Deňizçi çempionlyk ýaryşynda ýene ýara aldy
Futzal, Naýbaşy liga: 12 golly duşuşykda Köpetdag uly hasap bilen ýeňiş gazandy