Türkmenistanda täze okuw ýyly başlady, klaslarda okuwçylardan maska dakynmak talap edilýär

Türkmenistanda täze okuw ýyly başlady, klaslarda okuwçylardan maska dakynmak talap edilýär

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde we ýokary okuw jaýlarynda 2022/2023-nji täze okuw ýyly başlady. Klaslarda okuwçylardan maska dakynmak talap edilýär. Resmileriň ýapyk binalardaky maska talaby kiçi ýaşly käbir okuwçylar üçin howa ýetmezçiligine ýol açýar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary welaýatyndan habar berdi.

“Şu gün 1-nji sentýabr. Mekdeplerde we beýleki okuw jaýlarynda sapaklar başlady. Bu ýyl mekdep okuwçylarynyň sapaklary doly, 45 minut okadylýar. Klaslarda okuwçylardan maskaly oturmaklyk talap edilýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan habar berdi.

Türkmenistanyň hökümeti iki ýyl mundan ozal, koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda, maska talabyny girizdi we tomsuň başlarynda bu talap diňe köpçülikleýin transport serişdelerine we ýapyk jemgyýetçilik binalaryna degişli edildi.

Habarçynyň maglumatyna görä, synp otaglarynda okuwçylardan maska dakynmagyň talap edilmegi kiçi ýaşly çagalar üçin käbir oňaýsyzlyklary, şol sanda olaryň saglyk ýagdaýlary bilen bagly käbir töwekgelçilikleri döredýär.

“Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki 2-nji orta mekdebinde okuwa ilkinji gezek baran 6 ýaşly çagalaryň arasynda howa ýetmän, huşuny ýitirenler boldy. Lukman çagyryldy” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berdi.

Maryly ene-atalar orta mekdepleriň töwereginde ýüz maskalarynyň satylýandygyny aýdýarlar.

“Biz hem çagamyza maska satyn aldyk.Klaslaryň penjiresi açylmaýar.Klaslaryň gapylaryny ýapyp, okuwçylary mekdebe we klasa öwrenişdirýärler.Klaslarda hiç hili sowadyjy enjam, kondisioner bolmansoň, klaslar gaty dymyk we yssy. Üstesine, çagalar ýüz maskaly oturmaly.

Onsuzam howa ýok.Bu hem üstüne boldy” diýip, maryly ene-atalaryň biri gürrüň berdi we özüniň ilkinji gezek mekdebiň gapysyndan giren kiçi ýaşly çagasynyň sapakda çaşandygyny sözüne goşdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ene-atalaryň sözlerine görä, mekdepde başga-da huşuny ýitiren çagalar boldy.

“Çagamyň huşy gidensoň, mugallymlar onuň ýüz maskasyny aýryp, ýüzüne suw çalyp, çagamy huşuna getirdiler” diýip, maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Mekdep mugallymlary sapagyň dowamynda penjireleri ýapyk saklamak talabynyň mekdep müdiri tarapyndan buýruk berlendigini aýdyp, geçen ýyl klaslarda bar bolan kondisionerleriň hem bu ýyl sökülip aýrylandygyny aýdýarlar.

“Indi sowadyjy enjamlary bahanalap, ýene-de pul toplarlar” diýip, maryly mugallym şikaýat etdi.

Ilkinji gezek orta mekdebe gadam basan körpeleriň ene-atalary bu möhüm senä özleriniň arzuw edip ýetendiklerini, bu günüň baýramçylyk howasynda geçmegine garaşandyklaryny ýöne mekdeplerdäki maska talabyndan soňra, howa ýetmezçiligi zerarly huşuny ýitiren çagalaryny görüp, özleriniň gaty tukat bolandyklaryny aýdýarlar.

“Bu gün biziň üçin baýramçylyk bolmalydy. Biz bolsa çagalarymyzyň howa ýetmezçiligi zerarly huşuny ýitirýändiklerini gördük. Çynymyzy aýtsak, biz klaslarda howa kadaly çalşylmasa, çagamyzy mekdebe ugradasymyz gelmeýär... Kiçi ýaşly çagalara maska nämä gerek? Ýok edip aýyrmaly. Ýa-da klaslarda arassa howa çalşyp durar ýaly şert döretmeli” diýip, maryly ene-atalar aýdýarlar.

Galyberse-de, täze okuw ýyly ýurduň bilim we terbiýeçilik edaralarynda maska talaplary bilen başlaýan mahaly, Mary welaýatyndaky orta mekdepleriň ençeme mugallymlary kitap ýetmezçiliginden şikaýat edýärler.

Ýöne diňe bir kitaplar däl, Azatlyk Radiosynyň habarçysy orta mekdeplerde partalaryň we oturgyçlaryň hem ýetmezçilik edýändigini, käbir mekdeplerde synp otaglarynyň ýetmezçilik edýändigini aýdýarlar.

“Iki okuwçylyk partada üç bolup oturýarlar. Bir klasda azyndan 30-40 okuwçy okaýar. Şäher mekdeplerinde okuwlar iki smenada, iki çalşykda okadylýar” diýip, bir bilim işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şeýle-de, Azatlygyň habarçysy sebitde ençeme maşgalalaryň çagalarynyň okuw esbaplarynyň ýetmezçiligi sebäpli 1-nji sentýabrda mekdebe baryp bilmändiklerini gürrüň berdi.

“Mugallymlar okuwa barmadyk okuwçylaryň ene-atalaryna okuw esbaplary boýunça kömek ediljekdigini aýtdylar. Okuwçy mekdebe gelse bolýar diýýärler” diýip, bilim işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Zyýat Hil konditer dükanlary: süýjüligiň islendik görnüşleri
Kuşadasy Etrabynda 2,350 Ýyllyk Gorgan Tapyldy
DÇ-2022: Niderlandlar Senegalyň üstünden ynamly ýeňiş gazandy
Maradonanyň eli we ikinji çempionlyk (Dünýä Kubogy 1986)
Wan Gaal Niderlandlaryň düzümini äşgär etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Real El Klasikoda Barselonadan üstün çykdy