Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Geçen hepdäniň şenbe güni 23-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Garaşsyz ýurdumyzda birnäçe dabaraly çäreleriň üstünlikli geçirilýändigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi.

Bu kitap Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda mähriban halkymyza sowgat bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi giň okyjylar köpçüligi üçin uly gollanma boljak Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly kitabynyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemledi we oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Ankarada geçirilen medeni-köpçülik çäreleri
Eýranda Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby tanyşdyryldy
Ankarada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çärelere badalga berildi
Medeni taryhymyz, ruhy mirasymyz
Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet
Kitap adamzadyň ruhy hazynasy
Türkmenistanyň welaýatlarynda täze metjitler açyldy