Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

17-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, şu günler pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek arkaly ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça ekişi dowam edýär.Ekiş geçiriljek meýdanlara tagt suwy, eýýäm ekilen gowaçalara bolsa gögeriş suwy tutulýar.

bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, oňa ösüş suwuny tutmak we beýleki degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, şu günler ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda dowam edýän oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we olaryň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegi, howanyň maýlamagy bilen baglylykda, ekin we öri meýdanlarynda zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur çäreleriň durmuşa geçirilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Ýene wise-premýer täzelendi; Oba hojalygy alada bolmagynda galýar
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk işleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi