Wozniaski tennis bilen hoşlaşdy

Häzirki wagtda Melburn şäherinde dowam edýän “Awstraliýa Açyk” tennis ýaryşynyň 3-nji tapgyrynda tunisli Ons Jaberden asgyn gelen Karolina Wozniaski tennis bilen hoşlaşandygyny habar berdi. 2005-nji ýylda professional derejede çykyş edip başlan 29 ýaşyndaky tennisçi WTA-nyň ýaryşlarynda 30 kubok gazandy.

Wozniaski karýerasy boýunça diňe 1 “Uly tuwulga” kubogyny eýeläp, ol 2018-nji ýylda “Awstraliýa Açykda” ýeňiji bolupdy. 2010-njy ýylda zenanlar sanawynyň 1-nji basgançagyna çykan Wozniaski 71 hepdeläp bu orunda galmagy başardy.

Ýene degişli makalalar

“Rojers” kubogynyň ýaş çempionlary
Tennis täzelikleri
MELBOURNE “Onuň, Alyhezretleri”
Ussatlaryň ýeňijisi — Jokowiç
Iň köp girdeji gazanan zenan türgenler
Sportuň taryhynda şu gün 11-nji iýul