“Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Hossarlaryna Gynanç Bildirýärin”

“Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Hossarlaryna Gynanç Bildirýärin”

BMG-nyň Baş sekretarynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Pedersen, Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremesinde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

Pedersen beren ýazmaça beýannamasynda, gyş paslynyň ortasynda Türkiýede we Siriýada müňlerçe zenana, çaga we ýaşula ýaramaz täsirini ýetiren ýer titremesi sebäpli çekilen adam pidalaryna we çikes ýetmelerine gynanç bildirdi.

Pedersen “Ýer titremesinde ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirýärin”diýdi.

Pedersen, Siriýada bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň esasy böleginiň birnäçe ýyldan bäri agyr günleri başdan geçirýänlerdigine ünsi çekdi.

BMG-nyň Baş sekretarynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Pedersen, siriýanyň halkyna gyssagly kömek berilmegi üçin çagyryş berdi.

Ýene degişli makalalar

Norweg şäheriniň ýolbaşçysy gije-gündiziň dowamlylygyny artdyrmak isleýär
Arça gozaly sebet
Astana Hemaýatkärleri 15-nji Maslahatyny Geçirer
Astana Gepleşikleri Başlady
Siriýadaky terrorçylygy ýok etmek üçin Eýran, Orsýet we Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlyk dowam edýär
Ahmet Ýyldyz BMG-nyň Baş Sekretarynyň Siriýa Boýunça Ýörite Wekili Bilen Duşuşdy