Gadymy Änew dünýä medeniýetiniň gymmatly mirasy

Gadymy Änew  dünýä medeniýetiniň gymmatly mirasy

Düýn 27-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň medeniýet öýünde geçirilen Gadymy Änew medeniýeti atly halkara ylmy maslahat bu şäheriň 2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýan çäreleriň esasylarynyň biri boldy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty tarapyndan guralan wekilçilikli maslahata meşhur taryhçylar, arheologlar, etnograflar, Gündogary öwrenijiler, belli professorlar, ýaş alymlar, şeýle hem daşary ýurtlaryň, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Russiýa Federasiýasynyň, Pakistanyň, Germaniýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we beýleki döwletleriň muzeýleriniň wekilleri çagyryldy.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Änew medeniýetiniň oturymly ekerançylyk bilen meşgullanan ilaty gadymy ata-babalarymyz adamzat taryhynda däneli ekinleri ýetişdiren we bugdaý unundan çörek taýýarlan ilkinji halklaryň biri bolupdyr.

Umumy mejlis tamamlanandan soňra, maslahatyň işi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Änew medeniýetini öwrenmek hem-de dünýä wagyz etmek, Änewiň gadymy we orta asyrlar medeniýeti atly iki bölümde dowam etdi.

Ýygnananlar dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi, şeýle hem türki döwletleriň köpugurly hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, halklaryň dost-doganlygyny pugtalandyrmaga, milli gymmatlyklary, umumy medeni däp-dessurlary, ruhy-ahlak gymmatlyklary wagyz etmäge gönükdirilen giň möçberli işleri üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Gymmaty egsilmejek kitap
Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet
Medeni taryhymyz, ruhy mirasymyz
Änewmüňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet
Paryzdepe ýadygärliginiň dag eteklerinde üýtgeşik käriziň üstünden baryldy
Gadymy Änew medeniýeti
Änew taryhy medeniýetiň ojagy