Ronaldu, Messi we Lewandowski Globe Soccer Awards baýragyna dalaşgär görkezildi

Ronaldu, Messi we Lewandowski Globe Soccer Awards baýragyna dalaşgär görkezildi

Ýewropa klublar birleşigi we Futbol agentleriniň Ýewropa birleşigi tarapyndan guralýan Globe Soccer Awards-2020 baýragynyň dalaşgärleri yglan edildi. Bu barada news.sportbox.ru habar berýär.

Ýylyň oýunçysy baýragyna dalaşgärleriň arasynda "Ýuwentusyň" hüjümçisi Kriştianu Ronaldu, "Barselonanyň" hüjümçisi Lionel Messi, "Bawariýanyň" futbolçylary Robert Lewandowski we Serž Gnabri, şeýle hem Karim Benzema (Madridiň "Realy"), Markinýos ("PSŽ") we Sadio Mane ("Liwerpul") bar.

Iň oňat tälimçi baýragyna Žan Pýero Gasperini ("Atalanta"), Hans-Diter Flik ("Bawariýa"), Hulen Lopetegi ("Sewilýa"), Ýurgen Klopp ("Liwerpul") we Tomas Tuhel ("PSŽ") dalaşgär görkezildi.Iň oňat klublaryň baýragyna dalaşgärleriň sanawyna "Bawariýa", "Ýuwentus", "Liwerpul", "PSŽ", "Real", "Sewilýa" girýär.

Baýrak gowşurylyş dabarasynyň 27-nji dekabrda Dubaýda geçirilmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

UEFA-nyň Çempionlar ligasynda ilkinji çärýek finalçylar belli boldy
"Asyryň oýunçysy", "asyryň tälimçisi", "asyryň agenti", "asyryň kluby" yglan edildi
IFFHS: Simeone — onýyllygyň iň gowy tälimçisi
"Liwerpul" öz meýdançasynda 68 oýundan soň ilkinji gezek ýeňildi
Gurban Berdiýew dünýäniň iň gowy tälimçileriniň sanawynda 27-nji ýerde
2021-nji ýyla geçip, ne ýeňiş, ne-de gol
Çempionlar ligasynyň taryhynda ilkinji gezek