Şanly senä mynasyp taýýarlyk görülýär

12-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Onda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görlüşine, sebitlerdäki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişine degişli meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri pagta ýygymynyň alnyp barlyşy, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilişi, hasyly ýygnap almak üçin gowaçanyň ýapragyny düşürmek işleriniň geçirilişi barada hasabat berdiler. Şunuň bilen bir hatarda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin tehnikalar, gurallar doly güýjünde işledilýär, bugdaý öndürijiler ýokary hilli tohumlar we mineral dökünler bilen üpjün edilýär.

Güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleri dowam etdirilýär.Mundan başga-da, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygyna taýýarlyk görlüşi, bu sene mynasybetli ulanmaga tabşyrylmagy göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyklaryň barşy barada hasabat berildi.Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, pagta ýygymynyň oba hojalygynda möhüm möwsümleriň biridigini aýdyp, bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi hem-de pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, kombaýnlaryň, beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilmelidigini tabşyrdy.Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekişiniň depginlerini güýçlendirmegiň möhümdigini, bu möwsümi üstünlikli geçirmek maksady bilen, hemme degişli meseleleriň öz wagtynda çözülmeginiň berk gözegçilikde saklanylmalydygyny belläp, bu babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ekiş döwründe gallaçylar ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilmelidir, tehnikalar doly güýjünde işledilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şeýle-de, hormatly Prezidentimiz güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, bellenilen möhletlerde geçirilmelidigini nygtady.Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegiň zerurdygyny, welaýatlarda bina edilýän ähli desgalaryň bellenilen möhletlerde hem-de ýokary hilli ulanmaga berilmelidigini belläp, häkimlere degişli görkezmeleri berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän oba hojalyk toplumynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Wise-premýer häzirki wagtda ýurdumyzda pagta ýygymynyň dowam edýändigini, Daşoguz welaýatynda-da bu jogapkärli möwsüme başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleriniň geçirilýändigini aýtdy. Şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekişiniň dowam edýändigi barada hem hasabat berildi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerini degişli derejede guramak, agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek, pagta ýygymynyň hem-de güýzlük bugdaý ekişiniň depginini gowşatman alyp barmagy üpjün etmek bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Mundan başga-da, güýzlük ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny almak üçin, olara ideg edilişi hemişe üns merkezinde bolmalydyr.Döwlet Baştutanymyz öňde jogapkärli wezipeleriň durýandygyny aýdyp, Bitarap Watanymyzyň ýyl ýazgysyndaky şöhratly senä mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramçylygyna ünsi çekdi.

Edermen gallaçylarymyzyň we pagtaçylarymyzyň tutanýerli zähmeti naýbaşy baýramymyzyň ýakynlaşyp gelýän şu günlerinde uly ähmiýete eýedir.Hormatly Prezidentimiz Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda kesgitlenen ähli wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belledi.

Munuň özi ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senäniň mynasyp garşylanmagynda uly ähmiýete eýedir.Döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipeleriň çözülmegine jogapkärçilikli hem-de toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, wise-premýere, welaýatlaryň häkimlerine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Ýene wise-premýer täzelendi; Oba hojalygy alada bolmagynda galýar
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk işleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi