Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň programmasy taýýarlanýar

Ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň programmasy we bu dokumenti durmuşa geçirmegiň plany taýýarlanyldy. Bu barada prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa 24-nji maýda geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer Goçmyrat Myradow hasabat berdi.

TDH-nyň habar bermegine görä, bu programmanyň maksady pudaklar boýunça hünärmenlere bolan zerurlyklary öwrenmekden, ýaşlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan, ýaş işgärler üçin degişli ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmekden, ýaşlaryň zähmet çekmäge höweslendirmekden ybarat. Şeýle-de, öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary baradaky bilim zerur bolan iş orunlarynyň möçberini artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Prezidentiň sözlerine görä, maksatnama ýaşlaryň zähmet bazarynda bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna, olaryň paýhas we döredijilik mümkinçiliginiň işjeň herekete girizilmegine gönükdirilmeli.

Belleýäris, ýurduň häkimiýetleri soňky aýlarda ilatyň iş bilen üpjünçilik meselelerini gozgaýarlar.Wise-premýer Goçmyrat Myradow şu ýylyň 29-njy martynda Zähmet we ilatyň durmuş goragy ministrliginiň saýtynda “Işe ýerleşdirmek” bölüminiň peýda bolandygyny habar berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda ýurtda täze kärhanalary we iş orunlaryny döretmegi tabşyrdy. Döwlet baştutany 17-nji maýda Aşgabadyň täze şäherçesiniň ilatyny iş bilen üpjün etmegi buýurdy.

Şu aralykda ýurtda işsizlik meselesiniň ýitileşýändigi hakynda maglumatlar gelip gowuşýar. “Türkmenistanyň Hronikasynyň” maglumatyna görä, paýtagtda işsizligiň derejesi 50%, umuman ýurt boýunça alnanda, “Azatlyk” radiosynyň maglumatyna görä, işsizligiň derejesi 60 prosente baryp ýetýär.

Işsiz galan adamlary zähmet biržasynda hasaba almaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti täze ýolbaşçylary wezipä belledi
Prezident Aşgabatdaky täze şäherçäniň ilatyny iş bilen üpjün etmegi tabşyrdy
Aşgabatdaky zähmet biržasy işsizleri hasaba almaýar
Berdimuhamedow täze kärhanalary we iş orunlaryny döretmegi tabşyrdy
Syýahat komitetiniň başlygyna “Türkmensyýahatyň” maliýe hasabatyndan soň käýinç berildi
Türkmenistanyň prezidenti “sanly ykdysadyýete” geçiş depgininiň haýallygyny tankytlady
Berdimuhamedow “Türkmenstandartlarynyň” başlygyna eýesiz galýan desgalar üçin käýinç berdi