Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

7-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumyndaky işleriň barşy, welaýatlardaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow hem-de welaýatlaryň häkimleri ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy hem-de Hasyl toýuna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär.

Bugdaý ekişinde ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek boýunça degişli işler geçirilýär.Ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak maksady bilen, gögeriş we ösüş suwy tutulýar.Mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde talabalaýyk we öz wagtynda geçirilmeginiň üpjün edilmeginiň, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk işleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi